Prezident Erdogan: "Türkiýe döwrebap öýjükli telefon önümçilik merkezine öwrüler" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň döwrebap öýjükli telefon öndürijiler üçin sebitiň önümçilik merkezi bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe tarap barýandygyny beýan etdi

1610560
Prezident Erdogan: "Türkiýe döwrebap öýjükli telefon önümçilik merkezine öwrüler" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Xiaomi we hyzmatdaşy Salcomp kärhanalarynyň döwrebap öýjükli telefonlar üçin Türkiýä 30 million dollarlyk maýa goýmagy bilen baglanşykly beýanat berdi. 

Prezident Erdogan, kärhana maýa goýmagy sebäpli minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň döwrebap öýjükli telefon merkezi bolmagyny maksat edinýändiklerini, şol ugurda ynamly ädimler bilen öňe tarap barýandyklaryny habar berdi. 

Erdogan: "Ýyllyk 10 milliondan gowrak öýjükli telefonyň satuwy amala aşyrylýan: Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Russiýanyň birleşýän nokadynda ýerleşýän Türkiýe döwrebap öýjükli telefon öndürijiler üçin sebitiň önümçilik merkezi bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe tarap barýar" diýip mälim etdi. 

Xiaomi we hyzmatdaşy Salcomp kärhanalarynyň takmynan 30 million dollarlyk maýa goýum bilen, 14 müň ind metrlik meýdanda guran Türkiýedäki fabriginiň, ýyllyk 5 million önümçilik mümkinçiligi bilen 2 müň adamy iş bilen üpjün etjekdigini aýan etdi. 

Erdogan: "Dünýäniň Kowid-19 epidemiýasy sebäpli kyn günleri başyndan geçirýän bir zamanada, Türkiýe ynam bildiren, ýurdumyzyň mümkinçiliklerine we gelejegine ynanan ähli maýadarlara hut öz adymdan hem-de milletimiziň adyndan minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar