Erdogan: "Suw ykdysady galkynyş we ösüş üçin öwezini dolup bolmajak esaslaryň biridir" diýdi

Erdogan, Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde "1-nji Suw geňeşiniň tanyşdyrylyşy we 363 täze desganyň Köpçülikleýin açylyş dabarasyna" gatnaşdy

1610638
Erdogan: "Suw ykdysady galkynyş we ösüş üçin öwezini dolup bolmajak esaslaryň biridir" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, suwyň ähli janly-jandarlar üçin bolşy ýaly adamlar üçin hem ýüz öwrülmesiz bir nygmatdygyny, diňe ýaşaýyş durmuş üçin däl, eýsem ykdysady galkynyş we ösüş üçin öwezini dolup bolmajak esaslaryň biridigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan, Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde "1-nji Suw geňeşiniň tanyşdyrylyşy we 363 täze desganyň Köpçülikleýin açylyş dabarasyna" gatnaşdy.

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, Döwlet Suw işler edarasy tarapyndan gurluşygy tamamlanan 363 desganyň açylyşy bilen ýurdyň ykdysadyýetine 427 million lira golaý goşandyň goşulandygyny habar berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, suwyň ähli janly-jandarlar üçin bolşy ýaly adamlar üçin hem ýüz öwrülmesiz bir nygmatdygyny aýdan Erdogan: "Diňe ýaşaýyş durmuşymyz üçin däl, eýsem ykdysady galkynyş we ösüş üçin öwezini dolup bolmajak esaslaryň biridir. Bu zerurlygy dowamly ýagdaýa öwürmek üçin isribiň öňüniň alynmagy möhüm" diýip belledi. 

2025-nji ýyla çenli dünýäde suw ýetmezçiligi sebäpli 700 milliondan gowrak adamyň başga ýerlere göçmek howpynyň astynda galyp biljekdigini aýdan Erdogan, ilat bilen artýan azyk we energetika talaby bilen klimat çalşygynyň gelejekde häs ýumuryjy täsiriniň bolup biljekdigini habar berdi. 

Ýurtda soňky 19 ýylda 600-i suw howdany bolmak bilen 8697 täze desganyň gurulandygyny aýdan Erdogan, 2023-nji ýyla çenli gurulyp ulanylmaga beriljek ýerasty suw howdanynyň sanyny 157-ä ýetirjekdiklerini mälim etdi. 

Prezident Erdogan, mejlisde suw kanunynyň üstünde işleýändiklerini beýan etdi. 


Etiketkalar: #Beştepe , #mejlis , #suw , #Erdogan

Degişli Habarlar