Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 157 boldy.

1608681
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 30 müň 619 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 222 müň 753 adam testden geçirilip, ýene-de 1210 adama koronawirusyň ýokaşandygy  anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 28 müň 731 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 19 müň 186 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 900 müň 829 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Türkiýede häzirki wagta çenli 14 milliondan gowrak doza sanjymyň edilendigini aýtdy.

Ministr Koja Ylmy geňeşiň maslahatyndan soň çap edilen beýannamasynda pandemiýa garşy göreş hakynda maglumat berdi.

Minstr Koja: “1,4 million doza “BionTech” sanjymy gelip gowuşdy. Ol, aprel aýynyň başynda 4,5 million doza ýeter. Üssesine-de 30 million dozalyk şertnama baglaşyldy” diýdi.

Ministr Koja maý aýynyň ahyryna çenli jemi 100 million doza sanjymyň Türkiýa gelmegine garaşýandyklaryny nytady.

Fahrettin Koja; “ýurdumyz şu günki günde wirusa meňzeş bölejik sanjymynyň 1-nji tapgyr barlaglaryna başlady. Bu sanjym görnüşi bütin dünýädäki iň aktiw däl sanjym barlaglaryndan biri” diýdi.



Degişli Habarlar