Türkiýäniň Bagdat şäherindäki ilçi Yragyň Milli howpsuzlyk resmisi Kasym Araji bilen duşuşdy

Fatih Ýyldyz, Twitter hasabyndan beýanat berdi

1608184
Türkiýäniň Bagdat şäherindäki ilçi Yragyň Milli howpsuzlyk resmisi Kasym Araji bilen duşuşdy

Türkiýäniň Bagdat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyz, Yragyň Milli howpsuzlyk işlerinden jogapkär ýolbaşçynyň orunbasary Kasym Araji bilen terror guramasy PKK-a garşy göreş meselesini ara alyp maslahatlaşdy. 

Türkiýäniň Bagdat şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyz, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Yragyň Milli howpsuzlyk işlerinden jogapkär ýolbaşçynyň orunbasary Kasym Araji bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi. 

Ilçi Fatih Ýyldyz: "Ýurdumyzyň diňe Türkiýe üçin däl, Yragyň we sebitiň durnuklylygy üçin hem howp emele getirýän PKK-a garşy göreşdäki we şol çäkde Yrak bilen hyzmatdaşlyk etmek babatyndaky tutanýerliligini belläp geçdim" diýip belledi. 


Etiketkalar: #ilçi , #Bagdat , #Türkiýe

Degişli Habarlar