TBMM-de Ýewropada artýan rasizm we yslamafobiýa bilen bagly maslahat geçirildi
Ýewropada ilatyň 37 göteriminiň musulmanlar barada oňaýsyz garaýyşa eýedigi ýüze çykdy
TBMM-niň Adam hukuklaryny derňemek komissiýasynyň çäginde döredilen Ýewropa ýurtlarynda artýan rasizm we yslamafobiýa derňew komissiýasy ilkinji maslahatyny geçirip, başlyk saýlawyny geçirdi.
Adam hukuklaryny derňeme komissiýasynyň başlygy, Adalat we ösüş partiýasynyň Bursa welaýatyndan deputaty Hakan Çawuşogly komissiýanyň başlyklygyna saýlandy.
Ondan soň bolsa Türk-Amerikan uniwersitetinden Dos.Dr Enes Baýrakly "Ýewropa ýurtlarynda artýan rasizm we yslamafobiýa" atly habarnamany okady.
Käbir Günbatar ýurtlarynyň dünýädäki gegemoniýasyny dowam etdirmegiň bir enjamy hökmünde 1990-njy ýylyň ahyrynda Yslamafobiýany ulanyp başlandygyna ünsleri çeken Baýrakly: "Günbatarda ilaty 5-10 göterim aralygynda üýtgeýän musulman azlyk halk bar. Bularyň ilatynyň artýandygy we assimilirlemegiň gerekdigi barada düşünje bar" diýip belledi.
Şu günki gün Günbatar Ýewropada aşa sagjylaryň radikallaşýandygyny aýdan Çawuşogly: "2019-njy ýylda geçirilen derňewe görä, Ýewropada ilatyň 37 göterimi musulmanlar barada oňaýsyz garaýyşa eýe. Ýewropa jemgyýetiniň 50 göterimden gowragy musulmanlaryň göçüp gelmeklerine garşy. Polşada bu garşylyk 70 göterim derejesinde" diýip aýan etdi.