Prezident Erdogan: "Diýarbakyrdaky eneler bilen duşuşarys" diýdi
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, çagalary ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan zamun alynan Diýarbakyrdaky gözleri ýaşly eneler bilen duşuşjakdyklaryny habar berdi
1607461

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, 7-nji nobatdaky Beýik kongrese gatnaşmak üçin baran Ankara Sport zalynyň daşynda garaşýan partiýasynyň agzalaryna ýüzlenip çykyş etdi.
Çykyşynda partiýasynyň agzalarynyň sanynyň 1 milliondan geçen ýaş agzalary we takmynan 5 milliondan geçen zenan agzalary bilen jemi 13 million 500 müňe ýetendigini aýdan Erdogan: "Türkiýede däl eýsem dünýädede bular ýaly syýasy partiýa ýok" diýip belledi.
Çykyşynda çagalary ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan zamun alynan Diýarbakyrdaky eneleriň hem üstünde durup geçen Prezident Erdogan: "Nesip bolsa Diýarbakyrdaky gözleri ýaşly eneler bilen ýerinde duşuşarys" diýip habar berdi.