“Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda 11 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Terror guramasy PKK/ÝPG-niň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda durnuklylygy bozmagyna rugsat bermedik we bermeris"

1607341
“Parahatçylyk Çeşmesi” Operasiýasy Zolagynda 11 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýada “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, terrorçylaryň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda hüjüm guramaga synanşandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Terror guramasy PKK/ÝPG-niň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda durnuklylygy bozmagyna rugsat bermedik we bermeris. Sebitde degişli çäreleri gören gahryman esgerlerimiz ýene-de bir hüjümiň öňüni almagy başardy we PKK/ÝPG-ä agza 11 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.



Degişli Habarlar