“ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen FETÖ, PKK we S-400-ler Hakynda Pikir Alyşdyk”

Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO ştabynda duşuşyk geçirdi

1607734
“ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Bilen FETÖ, PKK we S-400-ler Hakynda Pikir Alyşdyk”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen FETÖ, ekstremist terror guramasy PKK we S-400 meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherindäki NATO ştabynda duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykdan soň beýanat beren Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýäniň S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn alandygyny we bu işiň tamam bolandygyny aýtdyk. Hyzmatdaşlarymyzdan bu önümi alyp bilmändigimizi beýan etdik" diýip habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Entoni Blinken bilen netijeli duşuşyk geçirendigini belläp: "PKK-nyň soňky wagtlarda artan hüjümlerini ýatlatdyk. Siriýa meselesiniň ynsanperwer ugurlarny ele aldyk" diýip aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen Türkiýede we ABŞ-da has giňişleýin maslahat geçirmek babatynda ylalaşyk gazanandyklaryny beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Owganystan temaly maslahaty hem aprel aýynyň içinde geçirmek isleýändiklerini belläp: "Doha alternatiw platforma islemeýäris, goldaýjy bir maslahat geçirmek isleýäris" diýip nygtady. 

Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-ÝB gatnaşyklary babatynda bolsa: "Gümrük bileleşigi ylalaşygy täzelenmeli, wiza erkinligi durmuşa geçirilmeli. Gündogar Ortaýer deňizinde adalatly paýlanşyk möhüm. Kiprde hemişelik çözgüt üçin tagalla edýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar