Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde soňky 3 günde 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýadaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde soňky 3  günde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1605862
Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde soňky 3  günde 35 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Parahatçylyk Çeşmesi sebitine garşy hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy desant güýçlerimiz tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan soňky 3 günde Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirilen PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň sany 35-e ýetdi" diýip habar berildi. 

Ýewfrat Galkany sebitinde uçarmansyz howa ulaglary bilen anyklanan PKK/ÝPG-e agza 10 terrorçy desant güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar