"Fatih" we "Kanuni" gämileriniň täze burawlaýyş işlerine taýarlyklary dowam etdirilýär

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez telewideniýe kanallaryň birine beýanat berdi

1605333
"Fatih" we "Kanuni" gämileriniň täze burawlaýyş işlerine taýarlyklary dowam etdirilýär

Türkiýäniň ilkinji ýerli buraw gämileri bolan "Fatih" we "Kanuni" gämileriniň Türkali-2 ýatagyndaky işlerinden soň, aprel aýynda başlajak gözleg we burawlaýyş işlerine taýarlyklary dowam etdirilýär. 

"Fatih" gämisi Demirgazyk Sakarýa gaz meýdançasynda "Amasra-1" ýatagy diýip atlandyryljak sebitde gözleg maksatly ýerine ýetirjek burawlaýyş işlerinden ozal, Zonguldak welaýatynyň Çaýjuma etrabynda ýerleşýän Filýos portyna bardy. 

Şol porta 14-nji noýabrda baran we ol ýerde minara gurnamasy, nawigasiýa synagy, buraw enjamlarynyň gurnamasy we howpsuzlyk ulgamlarynyň gözden geçiriliş işleri ýerine ýetirilýän Türkiýäniň 3-nji buraw gämisi "Kanuni" gämisem "Amasra-1" ýatagynda "Fatih" gämisiniň geçirjek buraw işleriniň gutarnykly we käbir synaglaryny amala aşyrar. 

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez telewideniýe kanallaryň birine beren beýanatynda: "Maksadymyz öňümizdäki 5 ýylyň içinde 30 bilen 40 ýataga ýetip, ol ýerde önümçilige başlamak. Ilkinji maksatnamamyz 2023-nji ýylda, nesip bolsa Respublikamyzyň 100-nji ýylynda ilkinji tebigy gaz gorlaryny gury ýere çykaryp, milli geçiriji ulgamy durmuşa geçirmek" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar