Prezident Erdogan, Sloweniýaly Kärdeşi Pahor Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Iki kärdeş Türkiýe bilen Sloweniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan, Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Sloweniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan, Türkiýe we Sloweniýanyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylmagynyň 10-njy ýylynda özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösmeginden hoşaldyklaryny belledi.
Sloweniýanyň, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna berýän goldawy üçin sagbolsun aýdan Erdogan, Sloweniýanyň 1-nji iýulda ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne almagy bilen Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklarda öňe gidişlik edilmegini umyt edýändigini nygtady.
Degişli Habarlar

Kahramanmaraşda Bolan 7,7 we 7,6 Bala Barabar Ýer Titremelerinde 5,434 Adam Ýogaldy
Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinde 5,434