Prezident Erdogan Dewlet Bahçelini gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Milletçi hereket partiýasynyň başlyklygyna ýaňadandan saýlanan Dewlet Bahçelä jaň edip, ony gutlady

1604077
Prezident Erdogan Dewlet Bahçelini gutlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde, Milletçi Hereket partiýasynyň 13-nji nobatdaky baş geňeşinde ýaňadandan partiýanyň başlyklygyna saýlanmagy mynasybetli Dewlet Bahçelini gutlady. 

Geňeşiň MHP we ýurt üçin düşümli bolmagyny dilän Prezident Erdogan, Jemhur şärikligi hökmünde milletiň goldawy bilen taryhy bir zamanada möhüm jogapkärçilik bilen Türkiýäni ähli ugurlar boýunça ösdürmäge we güýçlendirmäge dowam etdirjekdiklerini habar berdi.  



Degişli Habarlar