Milli Goranmak ministrligi Çanakgala ýeňişi bilen bagly wideo paýlaşdy

Milli Goranmak ministrligi 18-nji mart Şehitleri hatyralamak güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 106-njy ýyly mynasybetli wideo paýlaşdy

1603610
Milli Goranmak ministrligi Çanakgala ýeňişi bilen bagly wideo paýlaşdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, sosial media hasabyndan 18-nji mart Şehitleri hatyralamak güni we Dardanel deňiz ýeňişiniň 106-njy ýyly mynasybetli wideo paýlaşdy. 

Milli Goranmak ministrligi: "Başda Gazy Mustafa Kemal Atatürk bolmak bilen 106 ýyl ozal Çanakgalada mukaddes ýeňişi gazanan gahrymanlarymyzy we eziz şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýarys. Şehitlerimiziň wagty we ýeri aşan ruhlarynyň öňünde Şehitlerimiziň öňünde başymyzy egýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar