Çanakgala Geçilmez

Çanakgala Geçilmez Türk Goşuny 1915-nji ýylyň 18-nji martynda adyny taryha ýene-de bir gezek ýazdyrdy

1603740
Çanakgala Geçilmez
canakkale.jpg
canakkale.jpg
canakkale.jpg
canakkale.jpg

18-nji mart Çanakgala ýeňişi türk milleti üçin täzeden döreýiş dessanydy. Duşmanyň ägirt sowutly gämileri bir günde ýok edildi. Deňiz söweşinde üstün çykylan şol gün “Çanakgala geçilmez” sözi Gallipoli ýarym adasyndan bütin dünýäniň aňyna ornaşdyryldy.

Türk goşyny 1915-nji ýylyň 18-nji martynda adyny taryha ýene-de bir gezek ýeňiş bilen ýazdyrdy.

Sowutly gämiler hatardan çykaryldy, batmaz diýilýän gämiler ýeke-ýekeden Dardanel bogazyna gömüldi.

Çanakgalada ilkinji duşman hüjümi entek 1-nji Jahan urşunyň ilkinji günlerinde guralypdy. 1914-nji ýylyň 3-nji noýabrydy…

Iňlis Gabaw floty bogazyň agzyndaky Seddulbahir galasyny bombalapdy. 5 ofiser, 81 esger Seddulbahir galasyndaky ok-däri ammarynyň ýarylmagy sebäpli şehit bolýar.

Çanakgala söweşiniň ilkinji şehitleri Seddulbahir galasynyň derwezesiniň ýanyna jaýlandy. Ilkinji şehitler ýadygärligi hem şol ýerde beýgeldi.

Inlisleriň başda durmagynda Antanta girýän döwletleriň nyşanasynda Stambul bardy.

Osman goşuny Dardanel bogazyndaky goranyşyny güýçlendirýär.

Kenarlara gämilerden sökülen toplar ornaşdyrylýar, bogazyň iki ýakasynda göçme batareýalar döredilýär. Bogaza mina zolaklary ýerleşdirilýär.

Dardanel bogazyna ilki 19-njy fewralda, 6 gün son bolsa iki deňiz operasiýasy guralýar. Antanta girýän döwletler iki operasiýadan hem netije alyp bilmeýärler.

Şondan soň deňiz flotunyň başyna Admiral de Robesk bellenýär. 18-nji mart güni ir säher uly deňiz operasiýasyna başlaýarlar.

“Nusrat” mina gämisi bolsa operasiýa taýarlyklydy. 7-nji martdan 8-nji marta geçilýän gije “Nusradyň” ýerleşdiren minalary 18-nji mart güni ýaran döwletlere agyr zarba urýar.

Antanta girýän ýurtlaryň harby gämileri artilleriýa hüjüminden gaçýarka mina partlamalaryna sezewar bolýar. Fransuz sowutly gämisi “Buwet” şol minalardan birine kakyp, 3 minutda 603 ekipažy bilen suwa gömülýär.

Inlisleriň “Okean” we “Irressistibl” gämileriniň soňy hem şeýle boldy. “Agamemnon”, “Infleksibl”, “Sufrren” we “Galua” gämileri hem agyr ýitgi çekip, uruşdan çekilmeli bolýar.

Admiral de Robesk flotuň yza çekilmegi üçin görkezme berýär. Şeýlelikde türk goşunlary 1915-nji ýylyň 18-nji martynda Çanakgala dessanyndaky ilkinji beýik ýeňişini gazanýar.

Agyr ýitgi çeken ýaran döwletler 1 aý soň, 25-nji aprelde guryýer hüjümine başlaýar we ýene-de agyr ýeňilişe sezewar bolýarlar.

Bu gezek bolsa taryh sahnasyna 4 ýyl soň garaşsyzlyk göreşini başlatjak Mustafa Kemal çykýar. Şol döwürde Gallipolide şehitleriň ganlary bilen ýene-de bir dessan ýarylýar.

“Çanakgala geçilmez” sözi, şol dessan bilen ýatdan çykmajak yz galdyrdy.



Degişli Habarlar