Türkiýäniň Daşary işler ministri Kataryň Emiri tarapyndan kabul edildi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani tarapyndan kabul edildi

1599453
Türkiýäniň Daşary işler ministri Kataryň Emiri tarapyndan kabul edildi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly sosial media hasaby Twitterden beren beýanatynda, Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen duşuşyk geçirendiklerini belläp, Siriýadaky dartgynlygyň çözülmegi bilen bagly tagallalarda Kataryň rolunyň uludygyny beýan etdi. 

"Owganystanda parahatçylyga barýan ýolda Katar bilen bilelikde işleşeris" diýip aýdan Mewlüt Çawuşogly, güýçli hyzmatdaşlygyň sebitleýin parahatçylygada hyzmat edýändigini habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe-Russiýa-Katar Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Kataryň paýtagty Doha şäherinde saparda bolýar. 



Degişli Habarlar