Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Bosgunlaryň  Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklandy

1598982
Gresiýa tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine yzyna itilen bosgunlar halas edildi

Mugla welaýatynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen 42 bosgun Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan halas edildi. 

Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy Mugla welaýatynyň Bodrum etrabynyň Karaada diýilen ýeriň suw giňişliginiň çäginde içinde bosgunlar bolan çümüp barýan çüýşirilen gaýygyň bardygy barada alynan maglumatyň esasynda işe girişdi. 

Halas ediş toparlar 34 bosguny gaýyga geçirip, kenara çykardylar. 

Marmaris etrabynyň Serçe aýlagynda hem bosgunlaryň bardygy anyklandy. 

Gysga wagtyň içinde şol ýere baran Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugyna degişli topar, 8 bosguny halas etdiler. 

Bosgunlaryň  Gresiýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilendigi anyklandy. 


Etiketkalar: #Gresiýa , #Mugla , #bosgun

Degişli Habarlar