“Hakurkda we Kandilde 25 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ruminiýa guran resmi saparyndan soň metbugata beýannama berdi

1598231
“Hakurkda we Kandilde 25 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, “Hakurka we Kandile guralan howa hüjümlerinde biri guramanyň lideridigini aýdylýan jemi 25 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ruminiýa guran resmi saparyndan soň metbugata beýannama berdi.

Türk ýaragly güýçleriniň terrora garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýändigini aýdan Akar “Terror guramasy FETÖ-niň, PKK/ÝPG-nyň we DAIŞ-iň başda durmagynda ýurdumyzyň we esasan halkymyzyň howpsyzlygyna wehim salýan ähli howplara garşy egilşiksiz göreşimizi dowam etdirýäris” diýdi.

Operasiýalaryň soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam etjekdigini aýdan Akar: “Şol çäkde Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk we Kandil etrapçalaryna guralan howa hüjüminde biri guramanyň ýolbaşçysy bolmak bilen jemi 25 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terror guramasy PKK-niň Kandil bilen birlikde hiçbir ýerde arkaýyn hereket edip bilmejekdigini aýdypdyk. Terrorçylaryň gaçara ýeri galmady. 83 millionlyk halkymyzy terror belasyndan halas etmek üçin arman-ýadaman göreşeris” diýip belledi.



Degişli Habarlar