Goranmak ministrligi: "7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Beýanatda, operasiýanyň arakesmesiz ýagdaýda dowam etjekdigi aýan edildi

1596762
Goranmak ministrligi: "7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Siriýada Tel Ryfat sebitinden Ýewfrat Galkany sebitine hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terroçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Gahryman desant güýçlerimiz Ýewfrat Galkany sebitinde ýene-de bir üstünlikli operasiýa geçirdi. Asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak üçin Tel Ryfat sebitinden Ýewfrat Galkany sebitine hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terroçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip mälim edildi.

Beýanatda, operasiýanyň arakesmesiz ýagdaýda dowam etjekdigi aýan edildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri 2016-njy ýylyň awgust aýynda başladan we 7 aý dowam etdiren Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen Siriýanyň demirgazygyny terrordan saplapdy. 



Degişli Habarlar