Eýrandan Türkiýe girmäge synanyşan terrorçy tussag edildi

Eýrandan Türkiýä girmäge synanyşan terrorçy, Wan welaýatynda iş alyp barýan serhet howpsuzlyk bürgüt topary tarapyndan tussag edildi

1596676
Eýrandan Türkiýe girmäge synanyşan terrorçy tussag edildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Eýrandan Türkiýä girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçynyň tussag edilip, Žandarma birikmesine tabşyrylandygyny mälim etdi. 

Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Wanda iş alyp barýan serhet howpsuzlyk bürgüt topary tarapyndan, Eýrandan ýurdumyza girmäge synanyşan PKK-ly terrorçy Žandarma birikmesine tabşyryldy" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #PKK , #terrorçy , #serhet , #Eýran

Degişli Habarlar