“Güýçli Deňiz Flotuna Eýe Bolmak Mejburlykdyr”

Prezident Erdogan Türkiýe üçin güýçli deňiz flotuna eýe bolmagyň islege bagly däl, eýsem mejburlykdygyny beýan etdi

1596291
“Güýçli Deňiz Flotuna Eýe Bolmak Mejburlykdyr”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýe üçin güýçli deňiz flotuna eýe bolmagyň islege bagly däl, eýsem mejburlykdygyny beýan etdi

Erdogan Stambuldaky Wahdettin köşgünden “Mawi Watan 2021” taktiki türgenleşigine göniaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Prezident Erdogan türgenleşik hakynda: “Şu ýyl has güýçli, has giň gerimli, has guramaçylykly geçirilýän türgenleşik bilen ýerli we milli ýarag ulgamlarymyzy synagdan geçirýäris” diýdi.

Erdogan Türkiýäniň diňe bir ykdysady we syýasy taýdan däl, harby hem-de goranyş pudagynda-da güýçli bolmalydygyny beýan etdi.

Türkiýe üçin güýçli deňiz flotuna eýe bolmagyň islege bagly däl, eýsem mejburlykdygyny beýan eden Erogan: “Haýsydyr bir ýurduň ýerinde, deňizinde, özygtyýarlylygynda gözümiz ýok, diňe watanymyzy we hukuklarymyzy goramak ugrunda tagalla edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglarynda dünýäniň sanalgyja 3-4 ýurdunda biridigini hem beýan etdi.

Erdogan: “Häzirki wagta çenli gämi gurluşyk werflerimizde gurlan 3 milliard dollardan geçýän 130-dan gowrak deňiz platformasyny eksport etdik. Kenarýaka howpsyzlygymyz bilen öz suw giňişligimizde deňiz flotumyz bilen dünýäniň çar tarapynda bütin adamzadyň parahatçylygy hem-de asudalygy üçin iş alyp barýarys” diýdi.



Degişli Habarlar