Türkiýe Şehitlerine Aglaýar…

Prezident Erdogan, şehitlere rehnet, hossarlaryna we Türk ýaragly güýçlerine duýgudaşlyk bildirdi

1595422
Türkiýe Şehitlerine Aglaýar…

 

Türkiýe Bitlisde bolan dikuçar heläkçilige şehit bolan esgerlerine aglaýar.

Heläkçilik habaryny alan badyna gözleg we halas ediş işleri bilen ýakyndan gyzyklanan Prezident R. T. Erdogan, şehitlere rehnet, hossarlaryna we Türk ýaragly güýçlerine duýgudaşlyk bildirdi.

Prezident Erdogan şehit general leýtenant Osman Erbaşyň maşgalasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan sosial mediadan beren habarnaasynda “Gahryman esgerlerimize Alladan rehnet, ýaralananlarymyza gyssagly şypa dileýärin. Şehitlerimiziň hossarlaryna we eziz halkyma duýgudaşlyk bildirýärin. Yzy ýarasyn” diýdi.

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop hem “Şehit bolan perzentlerimize Alladan rehnet, ýaralanan esglerimize gyssagly şypa dileýärin. Halkymyza yzy ýarasyn diýýarin” diýdi.

Wise-prezident Fuat Oktaý hem ýüzlenmesinde “Şehit bolan gahryman esgerlerimize uly gynanç bildirýärin. Şehitlerimize Alladan rehnet, ýaralananlarymyza gyssagly şypa dileýärin. Eziz halkymyza duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik hem sosial mediadan beren habarnamasynda “Halkymyza we gahryman Ýaragly güýçlerimize duýgudaşlyk bildirýärin. Şehitlerimize rehnet, ýaralananlarymyza şypa dileýäris”diýdi.

Oppozisiýadaky Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly hem ýüzlenmesinde “Gynandyryjy habar ýüregimizi daglady. Şehit esglerimize Alladan rehnet, ýaralanan esgerlerimize şypa dileýärin” diýdi.

Milletçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli bilen IÝI partiýanyň başlygy Meral Akşener hem şehitlere uly gynanç bildirdi.



Degişli Habarlar