Şehitler Soňky Ýoluna Ugradyldy
“Goşunymyza, halkymyza beýik biribardan sabyr dileýärin. Şehitlerimize Alladan rehnet dileýärin” diýdi.


Bitlisde bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolan 11 esger üçin paýtagt Ankarada Ahmed Hamdi Akseki metjisinde jynaza namazy okaldy.
Jynaza, Prezident R. T. Erdogan, TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop, Wise-prezident Fuat Oktaý, Respublikan Halk partiýasynyn başlygy Kemal Kylyçdarogly, Millietçi Hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Daşky gurşaw we şäherçilik ministri Murat Kurum we Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler bilen birlikde serkerdeler gatnaşdy.
Prezident Erdogan jynazada eden çykyşynda “Goşunymyza, halkymyza beýik biribardan sabyr dileýärin. Şehitlerimize Alladan rehnet dileýärin” diýdi.
Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýannama görä, Bingölden Tatwana gitmek üçin düýn Türkiýe wagty bilen 13.55-de uçan Sugar kysymly dikuçar bilen sagat 14.25-de aragatnaşyk kesildi.
Geçirlen barlaglarda we halas ediş işlerinde dikuçaryň howa şertleri sebäpli heläkçilige uçrandygy anyklandy.
Dikuçar heläkçiliginde 11 esgeriň şehit bolandygy, 2 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 273 boldy.