Ykdysdy Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Maslahaty Geçiriler

Ykdysdy hyzmatdaşlyk guramasynyň 14-nji sammisi Prezident R.T.Erdoganyn başlyklyk etmeginde onlaýn şertlerde geçiriler

1594884
Ykdysdy Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji Maslahaty Geçiriler

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannamada sammite agza ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary, synçy ýurt hökmünde Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti we Türk geňeşi bilen Energetika harritasiýasynyň baş sekretarlarynyň gatnaşjakdygy habar berildi.

Beýannamada: “Kowid-19-dan sonky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk mowzugy bilen guraljak sammitde global önümçilik merkezleriniň arasynda möhüm pozisiýa eýeleýän, üpjünçilik pudaklarynyň çatryklaryndan birinde ýerleşýän sebitimizdäki düýpli ykdysady hyzmatdaşlyk guramalaryndan biri bolan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň hasam güýçlendirilmegi üçin pikir alyşylar” diýilýär.

Aýratynam sammitde pandemiýa garşy göreşde we pandemiýadan soňky döwürde guramanyň çäginde ediljek başlangyçlaryň utgaşyklygy bilen gelejekdäki ykdysady hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşyljakdygy beýan edildi.



Degişli Habarlar