Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Bejergisi tamam bolan 7 müň 873 adam bilen birlikde, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany jemi 2 million 601 müň 137 adama ýetdi

1595318
Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda adam ýitgisi 68 boldy. 

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri ýogalanlaryň sany 28 müň 839 adama ýetdi. 

Soňky 1 günde 137 müň 885 adam testden geçirilip, 685 adamyň koronawirusa ýolugandygy anyklandy. Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 11 müň 322 adama ýetdi.

Bejergisi tamam bolan 7 müň 873 adam bilen birlikde, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany jemi 2 million 601 müň 137 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar