Fuat Oktaý, Gruziýanyň Daşary Işler Ministri Zalkaliani Kabul Etdi

Kabul edilşige Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

1594647
Fuat Oktaý, Gruziýanyň Daşary Işler Ministri Zalkaliani Kabul Etdi

Wise-prezident Fuat Oktaý, Türkiýede saparda bolýan Gruziýanyň Daşary işler ministri Dawid Zalkaliani kabul etdi.

Kabul edilşige Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.

Fuat Oktaý, Gruziýada täze gurlan hökümeti gutlap, myhman ministre hem wezipinde rowaçlyk arzuw etdi.

Fuat Oktaý, Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwilini hem Türkiýä çagyrdy.

Kabul edilşikde Gruziýa bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky erkin söwda şertnamasynyň çäginde täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soňky döwürde özara söwda mukdarynyň artdyrylmagy meselesi gün tertibine getirildi.

Demir Ýüpek ýoly hökmünde häsiýetlendirlen, Aziýa-Ýewropa materikara demir ýol taslamasynyň sebitde ýerleşýän ýurtlar taýdan möhümdigi bellenildi.



Degişli Habarlar