Siriýada 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terror guramasy PKK/ÝPG-ä we DAIŞ-e garşy egilşiksiz göreş dowam edýär

1594368
Siriýada 2 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Siriýada “Zeýtun Şahajygy” we “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýalary zolagynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä we DAIŞ-e garşy egilşiksiz göreşiň dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada ““Zeýtun Şahajygy” operasiýasy zolagynda hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän terror guramasy DAIŞ-e agza 1 terrorçy bilen “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-a agza 1 terrorçy maksatlaryna ýetip bilmezden täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.



Degişli Habarlar