Prezident Erdogan, Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentopy Kabul Etdi
Erdogan bilen Şentop täze tekstiniň taýarlanmagy etaby hakynda pikir alyşdy
1594379

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentopy kabul etdi.
Prezident Erdogan, Mejlisiň başlygy Mustafa Şentopy Beştepede kabul etdi.
Erdogan bilen Şentop kabul edilşikde konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy etaby we Mejlisiň gün tertibinde esasy orun eýeleýän kanun taslamalary hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdogan “Etap adaty ýagdaýda dowam eder we Baş Assambleýada sese goýlar” diýipdi.
Mejlisiň başlygy Şentop hem ozal beren beýannamasynda konstitutsiýanyň täze tekstiniň taýarlanmagy meselesinde “Öz üstüme düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirerin” diýipdi.
Degişli Habarlar

Gresiýanyň Daşary Işler Ministri Ertir Türkiýä Sapar Gurar
Gresiýanyň Daşary işler ministri Nikos Dendias ertir Türkiýäniň paýtagty Ankara sapar gurar