Hajettepe uniwersiteti: Sinowak sanjymynyň täsirlilik derejesi 83,5 göterim
Hytaýyň Sinowak kärhanasy tarapyndan koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan sanjymyň Türkiýedäki 3-nji faza netijeleri aýan edildi

Şoňa laýyklykda sanjymyň täsirlilik derejesi 83,5 göterim, hassahanada bejergi astyna alynmagyň öňüni almak derejesi bolsa 100 göterim.
Hajettepe uniwersitetinde geçirilen metbugat ýygnagynda, sanjymyň ters täsiri, täsirlilik derejesi, Prof. Dr. Serhat Ünal we Prof. Dr. Murat Akowa tarapyndan aýan edildi.
Şoňa laýyklykda geçirilen işleriň netijesinde 10 müň 250 adama sanjym we plasebo edildi. Sanjymyň täsirlilik derejesi 83,5 göterim boldy. Hassahanada bejergi astyna alynmagyň öňüni almak derejesi 100 göterim.
Geçirilen işleriň netijesinde hem sanjym edilen hem-de palesbo edilen adamlarda ölüm wakasy hasaba alynmady.
Hytaýyň Sinowak kärhanasy tarapyndan öndürilen sanjymyň iň köp hasaba alynan ters täsirleriniň arasynda, 9,8 göterimde ýadawlyk, 7,6 göterimde kelle agyry, 3,8 göterimde myşsa agyrylary, 2,5 göterimde gyzgynyň galmagy, 2,4 göterimde titremek, 1,6 göterimde bolsa sanjym edilen ýerde agyry bar.
Sanjymlar getirilmeden ozal ýurdyň Saglygy goraýyş guramasy Fahrettin Koja tarapyndan berilen beýanatda bolsa, sanjymyň täsirlilik derejesiniň 91,25 göterim hökmünde aýan edilipdi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 288 boldy

Türkiýe Bosniýa-Gersegowina Sanjym Kömegini Berdi
28-nji martda hem Bosniýa-Gersegowina 30 müň dozalyk Kovid-19 sanjymy berlipdi