Erdogan Makron Bilen Duşuşdy

Prezident R.T.Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi

1593982
Erdogan Makron Bilen Duşuşdy

Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen Türkiýe-ÝB gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Makron bilen ençeme wagt soň ýaňadandan duşuşandyklaryny we mähirli salamlaşandygyny habar berdi.

Erodogan duşuşykda Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklarynyň uly potensialynyň bardygyna ynanýandygyny beýan etdi.

Fransiýanyň täze görnüş koronawirusa garşy alyp barýan göreşi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny beýan eden Prezident Erdogan: “Ýurdumyň we milletimiň adyndan pandemiýada pida bolan fransuz raýatlary üçin duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Türkiýänin sanjymlaýyş tapgyryny ýokary depginde dowam etdirýändigini, gözegçilikli kadalaşma tapgyrynyň hem başlandygyny gürrüň beren Prezident Erdogan, 10 milliona barabar raýatyň sanjymlanandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan şu ýyl Ankara ylalaşygyna 100 ýyl dolýandygyny nygtap, Türkiýe-Fransiýa gatnaşyklarynda liderleriň arasynda bar bolan dialogyn elmydama uly rol oýnandygyny mälim etdi.

Prezident Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “NATO-nyň iki güýçli ýurdy hökmünde Ýewropadan Kawkaza, Ýakyn Gündogara we Afrika çenli uzap gidýän giň sebitde howpsyzlyk, durnuklylyk we parahatçylyk ugrundaky tagallalara goşant goşup bileris. Raýatlarymyzyň janyna we emlägine wehim salýan terror guramalaryna garşy göreşde-de bilelikde ediljek başlangyçlar bar. İne şu ugurlaryň ählisinde Türkiýe bilen Fransiýanyň arkalaşykly hereket etmegini arzuw edýäris.”



Degişli Habarlar