Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Bikanun ýollar bilen ýurda girmek islän 5-si ekstremist terror guramasy PKK-a agza bolan 9 adam saklandy

1592929
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabynyň we Mardin welaýatynyň Kyzyltepe etrabynyň serhet liniýasynda bikanun ýollar bilen Siriýadan Türkiýä girmek islän 9 adam saklandy. 

Geçirilen derňew işleriniň netijesinde saklanan adamlaryň 5-siniň terror guramasy PKK-a agza bolandyklary anyklandy. 

Beýleki tarapdan Yragyň demirgazygynda geçirilýän Penje-Gaplaň operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ulanylan gaçybatalgalarda köp mukdarda ok-däri we gündelik ýaşaýyş üçin niýetlenen enjamlar ele salyndy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Penje-Gaplaň operasiýasy bilen terrorçylaryň Yragyň demirgazygyndaky hinlerine girmäge dowam edýäris. Terror guramasyna degişli 80 sany AK-47 tüpeňi, 25 sany AK-47 tüpeňiniň magazini, 18 sany snaýper tüpeňiniň magazini, 1 sany elde ýasalan partlaýjy we köp mukdarda harby enjam we azyk ele salyndy" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #PKK , #serhet , #terrorçy , #Yrak

Degişli Habarlar