"Owganystan Türk Taryhynda Özboluşly Ýere Eýe"

Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy bilen gutlady

1592951
"Owganystan Türk Taryhynda Özboluşly Ýere Eýe"

 

Prezident R. T. Erdogan, Owganystanyň Milli Azat edijilik söweşinde beren goldawy we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi hökümetini ilkinjileriň hatarynda ykrar eden ýurtlardan biri bolandygy sebäpli türk taryhynda özboluşly ýere eýedigini belledi.

Prezident Erdoganyň, Türkiýe bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasibetli Owganystanyň Prezidenti Eşref Gana ugradan gutlag güzlenmesi, Owganystanda geçirlen baýramçylyk çäreleriniň çäginde Türkiýäniň Kabuldaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oguzdan Ertugrul tarapyndan okaldy.

Ýüzlenmesinde iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 100 ýyllyk geçmişi bolsa-da iki halkyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň gözbaşynyň taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýändigini nygtan Erdogan, “ Möwlananyň hoşniýetlik garaýşynyň çäginde birleşen iki millet şol bir taryha we medeniýete eýe” diýdi.

Ýüzlenmesinde şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň we geljek nesillere ýetirilmeginiň ähmiýetine ünsi çeken Erdogan “Owganystan türk halkynyň köňlünde aýratyn ýere eýe. Şol söýgi Seljuk imperatorlygy bilen başlady we 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginden soň has-da ösdi. İki ýurt hemişe biri-birine goldaw berdi” diýip belledi.

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde, türk taryhynda, Owganystanyň Milli Azat edijilik söweşinde beren goldawy we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi hökümetini ilkinjileriň hatarynda ykrar eden ýurtlardan biri bolandygy sebäpli özboluşly ýere eýedigini nygtady.

Türkiýäniň Kabulda ilçihana açan ilkinji ýurtlardan biridigini nygtan Erdogan, dost we dogan owgan halkyna goldaw bermäge we özara gatnaşyklary ähli taraplaýyn pugtalandyrmaga dowam etjekdiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar