Prezident Erdogan: "Biz agdarlyşygyň islendik görnüşine garşydyrys" diýdi
Prezident Erdogan Ermenistandaky harby agdarlyşyk bilen baglanşykly: "Biz agdarlyşygyň islendik görnüşine garşydyrys" diýip belledi
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ermenistandaky harby agdarlyşyk bilen baglanşykly: "Biz agdarlyşygyň islendik görnüşine garşydyrys. Agdarlyşyklary kabul etmegimiz mümkin däldir" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan, Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.
Ermenistanda başdan geçirilýänler bilen baglanşykly beýanat beren Erdogan: "Harbylaryň işe girişmegi bilen agdarlyşyk edilmegi kabul edilip bilinjek zat däldir" diýip belledi.
Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň şonsyz hem halk tarapyndan çetleşdiriljek ýagdaýa gelendigini aýdan Prezident Erdogan: "Emma hadysa agdarlyşyk bolan ýagdaýynda, agdarlyşyga garşy pozisiýamyz bu nokatda tapawutlydyr" diýip belledi.
Prezident Erdogan: "Eger hökümet üýtgediljek bolsa, onda şol hökümet Ermenistanyň halky tarapyndan üýtgediler. Muny bolsa Ermenistanyň halkynyň ygtyýaryna bermelidiris" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar