Mewlüt Çawuşogly Gül Baba Türbedine Bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen Wengriýa gitdi

1590280
Mewlüt Çawuşogly Gül Baba Türbedine Bardy

 

Resmi sapar bilen Wengriýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, saparynyň çäginde ilki Gül Baba türbedine baryp gördi.

Daşary işler ministri Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda “Ynsan söýgüsi, agzybirlikde ýaşamak medeniýeti we ynsana sarpa goýmak. Inha Gül Babanyň hekaýasy! Gül Baba türbedi Wengriýa bilen dostlukly gatnaşyklarymyzyň we taryhy geçmişimiziň nyşanasy. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýdi.

Gül Baba, 1541-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Kanuny Soltan Süleýmanyň Budin söweşinde aradan çykýar. Gül Baba türbedi 1543-1548-nji ýyllaryň aralygynda gurulýar.

Türk-Wenger dostlugynyň simwoly hökmünde kabul edilýän “Budiniň ruhy sakçysy” Gül Baba türbedi, paýtagt Budapeltde “Bägül depesi” hökmünde bilinýän ýerde ýerleşýär.



Degişli Habarlar