Daşary Işler Ministri Çawuşogly Horwatiýada Saparda Bolar

Çawuşoglynyň saparynyň çäginde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar

1590534
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Horwatiýada Saparda Bolar

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogyý, ertir resmi sapar bilen Horwatiýa gider.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Çawuşoglynyň Horwatiýa gurajak resmi saparynyň çäginde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ministr Çawuşoglynyň Horwatiýada tebigy apatyň başdan geçirlen ýerlerine baryp görmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar