DAIŞ-e Agza Zenan Terrorçy Ankarada Ele Salyndy
Terrorçynyň Fransiýa gitmäge synanşýandygy anyklandy
1588860

Terror guramasy DAIŞ-iň agzasy we Interpol tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän Fransiýanyň raýaty bolan zenan paýtagt Ankarada howpsyzlyk güýçleri tarapyndan saklandy.
Ankaranyň Içeri işler müdürliginiň Terrorizme garşy göreş bölümi ýurdundan aýrylyp DAIŞ-iň hataryna goşulan we Interpol tarapyndan gyzyl býulleten bilen gözlenýän Fransiýanyn raýaty Sarah Talibiň Ankaradadygyny anyklady.
Geçirlen barlaglarda Talibiň ýurduna gitmek üçin Fransiýanyň Ilçihanasyna barmaga çalyşýandygy anyklandy.
Howpsyzlyk güýçleri Sarah Talibi Ilçihananyň 200 metr golaýynda saklady.
Terrora garşy göreş müdürligine alnyp gidilen Sarah Talib düşündirişi alynandan soň ýurtdan çykarlar.