Süleýman Soýlu "Penje Bürgüt-2" operasiýasy barada beýanat berdi
Içeri işler ministri Süleýman Soýlu operasiýa bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu beren beýanatynda, "Penje Bürgüt-2" operasiýasy bilen baglanşykly terrora garşy göreşiň şu günki gün başlamandygyny, emma iň ýakyn wagtda ekstremist terror guramasynyň PKK-nyň köküniň goparyljakdygyny mälim etdi.
Süleýmän Soýlu: "Türkiýede terrorçylaryň sany 300-den hem azaldy, emma Eýranda we Yrakda 5 müň terrorçy bar. Eden-etdiliklerini Siriýada etdirýändikleri üçin ol ýerde maşgalalarynyň ellerinden goparylyp, esger hökmünde hataryna goşýandyklary üçin ol ýerde 5 müň terrorçy bar. Işimiziň entek gutarmandygyny ýatlatmak üçin aýdýaryn" diýip beýan etdi.
Degişli Habarlar

Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär
Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 35 müň 926 adama ýetdi

Soýlu: "Gresiýanyň howpsuzlyk güýçleri bosgunlary ýakmaga synanyşdy" diýdi
Türkiýäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy, 41 bosguny halas edip, Çeşme portyna getirdi