Erdogan: "Milletimiziň agzybirliginiň we jebisliginiň iň güýçli bolan döwründediris" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Milletimiziň agzybirliginiň we jebisliginiň iň güýçli bolan döwründediris" diýip habar berdi

1582573
Erdogan: "Milletimiziň agzybirliginiň we jebisliginiň iň güýçli bolan döwründediris" diýdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan, partiýasynyň ýurdyň 11 welaýatyndaky Welaýat Ýaşlar şahamçasynyň 6-njy nobatdaky kongresina göni aragatnaşyk arkaly gatnaşyp çykyş etdi. 

Ýaşlaryň ähli ugurlar boýunça gazanan üstünliklerine buýsanýandyklaryny aýdan Erdogan: "Indi öz taktikalaryny durmuşa geçirýän Türkiýe bar. Türkiýe beýgeldigi saýyn, güýçlendigi saýyn ýaşlarymyza hünär mümkinçiliklerini hem hödürläp bilýäris. Ýerli ulag taslamasyny siz durmuşa geçirersiňiz. Ýurdumyza älem diňişliginde siz wekiliçilik edersiňiz. Sanly dünýäni siz döredersiňiz. Uniwersitetlerimizi marginal toparlaryň aksiýa meýdany bolmakdan çykaryp, bilim ojaklary ýagdaýyna siz öwürersiňiz. Dünýäde ilkinji 500 uniwersidediň arasynda azyndan 10 uniwersidedimiziň girmegini siz üpjün edersiňiz" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Ähli öjükdiriji tagallalara garamazdan milletimiziň agzybirliginiň we jebisliginiň iň güýçli bolan döwründediris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar