Prezidentiň Howpsuzlyk we Daşary syýasat Geňeşiniň maslahaty Kalynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

Prezidentiň Howpsuzlyk we Daşary syýasat Geňeşiniň maslahaty, düýn Prezidentiň metbugat sekretary we Geňeşiň başlygynyň wekili Ibrahim Kalynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

1581481
Prezidentiň Howpsuzlyk we Daşary syýasat Geňeşiniň maslahaty Kalynyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi

Ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde geçirilen maslahatda, Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary, Liwiýada başdan geçirilen soňky hadysalar, Gündogar Ortaýer deňizi, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar we daşary syýasatdaky gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Maslahatda täze tapgyrda Türk-Amerikan gatnaşyklaryň güntertibinde bolan ugurlaryň syýasy ýollary gözden geçirildi. 

Liwiýada şu ýylyň ahyrynda geçirilmegine garaşylýan saýlawa çenli ýurdyň başynda boljak adamlaryň kesgitlenen wagtlaýyn hökümetden hoşaldygy bellenen maslahatda, Liwiýada hemişelik parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etjek syýasy çözgüt etabyna Türkiýäniň goşup biljek goşantlary barada pikir alyşyldy. 

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde parahatçylygyň we baýlyklaryň adalatly paýlaşylmagynyň tarapdarydygy bellenip, haklaryny we bähbitlerini goramak babatyndaky tutanýerliligi ýene-de bir gezek nygtalyp geçildi. 

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda dowam edýän geňeşmelerden alynan netijeleriň hem ele alynan maslahatda, Türkiýäniň konstruktiw pozisiýasynyň taraplylykly bolmalydygy beýan edildi. 

Maslahatda Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda strategik ähmiýetli ileri tutulýan ugurlar, umumy görüşleriň we bähbitleriň çäginde hzymatdaşlygy artdyrjak anyk ädimleriň edilmelidigine ünsler çekildi. 

Mundan başgada Transport we infrastruktura ministriniň orunbasary Ömer Fatih Saýan tarapyndan "Türkiýäniň Milli kiber howpsuzlyk göçümleri" atly programma tanyşdyryldy. 



Degişli Habarlar