Fuat Oktaý Ýaponiýanyň ilçisini kabul etdi

Fuat Oktaý hem bular ýaly kampaniýalara Türkiýäniň hemişe goldaw berendigini we Kazuhiro Suzuka täze wezipesinde üstünlikler arzuw etdi

1579741
Fuat Oktaý Ýaponiýanyň ilçisini kabul etdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Türkiýedäki wezipesine täze başlan Ýapnoýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kazuhiro Suzukini kabul etdi. 

Kabul edilşikde iki ýurdyň arasyndaky söwda, ykdysady, tehnologik we medeni ugurlar bilen birlikde goranyş ugrundaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Kazuhiro Suzuki, 2011-nji ýylyň 11-nji martynda Ýaponiýada bolan ýer titremesinden soň, sebite ilkinji bolup ynsanperwer kömek ugradan ýurtlaryň başynda Türkiýäniň bolandygyny ýatladyp, şol döwür Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) başlygy bolan Fuat Oktaýa beren kömekleri üçin hut öz adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Ýaponiýada bolan ýer titremäniň 10-njy ýylynda Türkiýede kampaniýa geçirmek isleýändiklerini bellän Kazuhiro Suzuki, şol kampaniýa bilen bagly Oktaýa maglumat berdi we kampaniýa goldaw bermegini isledi.

Fuat Oktaý hem bular ýaly kampaniýalara Türkiýäniň hemişe goldaw berendigini we Kazuhiro Suzuka täze wezipesinde üstünlikler arzuw etdi. 



Degişli Habarlar