Prezidet Erdogan: ABŞ-daky Wakalardan Demokratiýa Taýdan Utanaňyzokmy?

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi

1578069
Prezidet Erdogan: ABŞ-daky Wakalardan Demokratiýa Taýdan Utanaňyzokmy?

Prezident Erdogan, Stambul Bogaziçi uniwersitetinde başdan geçirilen hadysalar bilen baglanşykly ABŞ-nyň we ÝB-nyň pozsiýasyna reaksiýa bildirip: "Biz ýurdumyzy, seýrek uniwersitedimizi, bulary alyň, isleýşiňiz ýaly bulaşdyryň diýerismi? ABŞ we ÝB näme diýär? Biz Bogaziçi uniwersitetinde başdan geçirilýänleri ýazgarýarys. ABŞ-a şuny aýtmak isleýärin: Şu nokatda saýlawdan ozal ABŞ-da başdan geçirilen wakalardan demokratiýa taýdan hiç hili utanaňzokmy? Ol ýerdäki wakalarda her kim biri-birine nähili derejede hemle atdy, rasizm gözegçilik astyna alynyp bilinmedi. Garaýagyz raýatlaryňyzy, ol ýerdäki polisiýa işgärleriňiz nädip ýere ýatyryp öldürdiler? Bulary bütin dünýä nädip düşündirersiňiz?" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron beýleki tarapdan seslenýär. Makron sen ilki bilen Sary ýeňsizliler bilen bagly meseläňi çöz. Häzirki wagtda ähli Sary ýeňsizliler, raýatlaryň köçä çykdy. Olaryň hötdesinden gelip bilmeýärisň, sen ilki bilen şol meseleleriňi çöz. Meniň ýurdumda häzirki wagtda olar ýaly mesele ýok. Häzirki wagtda bular hem biziň asudalygymyza zeper ýetirmegi maksat edinýärler" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar