Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Liwiýada harby tälim bermäge dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Liwiýanyň Ýaragly güýçlerine kislorod çeşmesi, kenarýaka howpsuzlyk gämisi we bazanyň goragy ýaly harby tälimler berildi

1576952
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Liwiýada harby tälim bermäge dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Harby tälim, hyzmatdaşlyk we maslahat beriş ylalaşygynyň çäginde Liwiýanyň Ýaragly güýçlerine berilýän harby tälimiň dowam edýändigi mälim edildi. 

Şol çäkde Liwiýaly esgerlere kislorod çeşmesi, kenarýaka howpsuzlyk gämisi we bazanyň goragy ýaly harby tälimleriň berilendigi bellenen beýanatda, harby tälimler bilen bagly suratlar hem paýlaşyldy.



Degişli Habarlar