Erdogan Konsitutsiýanyň Täze Teksti Hakynda Beýannama Berdi

Prezident Erdogan konstitutsiýanyň tekstiniň taýarlyklaryna ähli gatlaklarynyň gatnaşmagyny isleýändiklerini beýan etdi

1576674
Erdogan Konsitutsiýanyň Täze Teksti Hakynda Beýannama Berdi

Erdogan taýarlanjak tutulýan Konstitutsiýanyň täze tekstinin Prezident dolanşygy ulgamynyň başda durmagynda ýurda gazandyrylan taryhy başlangyçlara esaslanjakdygyny aýtdy.

Prezident R.T.Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Artwin, Bilejik, Çankyry, Gaziantep we Ygdyr welaýat maslahatlaryna wideoaragatnaşyk ulgamy bilen gatnaşdy.

Çykyşynda ýurduň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin egilşiksiz göreşiň dowam edýändigini nygtan Erdogan: “Şu günki güne çenli eden pidakärliklerimiziň puja çykmazlygy we gazananlarymyzdan netije almak üçin tagalla edýäris” diýdi.

Global syýasy we ykdysady deňagramlyklaryň bozulan döwründe ýurdun geljekki tapgyrda özüne güýçli pozisiýa edinmegi üçin iş alyp barýandyklaryny beýan eden Erdogan: “Öňňin hukuk we ykdysady özgertmelerimiz hakynda halkymyza maglumat berýärkäk, şol bir wagtda raýat konstitutsiýasyna bolan islegiň hem ara alynyp maslahatlaşylmagynyň wagtynyň gelendigini beýan edipdik. Bu konstitutsiýa ýurdumyza gazandyrylan taryhy başlangyçlara esaslanar” diýdi.

Erdogan şeýle giň gerimli taýarlygyň ýurtdaky ähli gatlaklaryň degişli bolmagy bilen manyly boljakdygyny nygtap, oňyn goşant goşmak isleýänleriň ählisini konstitutsiýanyň täze teksti boýunça alynyp barylýan işlere gatnaşmagyny isleýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar