Türkiýe Mikro Emeli Hemra Desgasynyň Gurluşygyna Başlar

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň mikro emeli hemra uçuryş desgasynyň gurluşyk işlerine başlanandygyny aýtdy

1575674
Türkiýe Mikro Emeli Hemra Desgasynyň Gurluşygyna Başlar

Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Erdogan: “TÜRSAT 5A hemramyzy 8-nji ýanwarda orbitasyna ugratdyk. Emeli hemra boýunça işlerde uzak aralykdaky hemralaryň ýerine düşýän gymmatynyň pesligi sebäpli mikro emeli hemralaryň ähmiýeti artdy” diýdi.

Şol maksada laýyklykda mikro emeli hemra uçuryş desgasynyň gurulmagy üçin taýarlyklaryň başlandygyny buşlan Erdogan: “Ýakyn gelejekde ýurdumyzyň we dostlarymyzyň hemralaryny älem giňişligine uçurarys” diýdi.

Prezident Erdogan: “Giň ulanyş ulgamyna eýe bolan Älem we tehnologiýalary boýunça ýurdumyzy marka öwürmek isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar