Goranmak Ministri Akar Germaniýada Saparda Bolýar

Türkiýeden Germaniýa ýylyn ilkinji ýokary derejeli saparyny Milli goranmak ministri Hulusi Akar guraýar

1576045
Goranmak Ministri Akar Germaniýada Saparda Bolýar

Resmi sapar bilen Germaniýa baran ministr Akar Berlinde kärdeşi Annegret Kramp Karrenbauer tarapyndan Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylandy.

Dabaradan soň Akar we Karrenbauer özara duşuşyk geçirdi.

Myhman söýerlik üçin sagbolsun aýdan Akar, duşuşygyň içgin we netijelidigini beýan etdi.

Akar duşuşykda hem iki ýurt hem-de NATO we ÝB-ne degişlilikde howpsyzlyk hem-de goranyş ugurlarynyň başda durmagynda ençeme meseläni ara alyp maslahatlaşmaga pursat tapandyklaryny aýtdy.

Karrenbauer bolsa NATO-nyň çäginde iňňän möhüm duşuşyk geçirendiklerini nygtady.

Karrenbauer beýannamadan soň ministr Akary ulagyna çenli ugratdy.

Akar we Karrenbauer Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky içgin dialogyn dowam etmegi boýunça ygrarlydyklaryny beýan etdi.

Karrenbauer duşuşykdan soň beren ýazmaça beýannamasynda-da Türkiýäniň NATO-da möhüm hyzmatdaşlardan biridigini we onuň şeýle bolmaga dowam etjekdigini nygtady.

Karrenbauer NATO-ny iki agzasy, Germaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky dialogyň we utgaşyklygyň hyzmatdaşlyk üçin möhümdigini beýan edip: “Ankara Ýewropanyň howpsyzlygyna möhüm goşant goşýan ynamdar we ýakyn hyzmatdaş” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňizindäki düşnüşmezlik boýunça NATO agza iki ýurt, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gepleşikleriň ýaňadandan başlamagyna kanagatlanma bildiren nemes ministr, bu başlangyjyň möhümdigini we Ortaýer deňizinde dartgynlykdan çetde durulmalydygyny nygtady.

Milli goranmak ministri Akar Germaniýanyň Goranmak ministrligine barmazdan ozal Türkiýäniň Berlindäki İIçihanasyna baryp, Ilçi Ali Kemal Aýdyndan alynyp barylýan işler hakynda maglumat aldy.



Degişli Habarlar