Prezident Erdogan, Elon Musk Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

“Tehnalogiýa taýdan ýurdumyzda we dünýäde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam ederis”

1572566
Prezident Erdogan, Elon Musk Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Tesla we SpaceX-iň esaslandyryjysy Elon Musk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşligi barada BiP we Telegramdan beren habarnamasynda, Musk bilen Türkiýedäki döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalar bilen hususy pudagyň we firmalaryň arasynda emeli hemra tehnalogiýalarynyň başda durmagynda dürli ugurlarda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşandyklaryny nygtady.

Erdogan “Tehnalogiýa taýdan ýurdumyzda we dünýäde başdan geçirilýän soňky wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga we halkymyza peýdaly bolmagy üçin bu ugurdaky başlangyçlara goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar