Adalat ministri Abdülhamit Gül Ýewropa Geňeşiniň wekiliýetini kabul etdi

Türkiýäniň Adalat ministri Abdülhamit Gül Ýewropa Geňeşine degişli Ýewropanyň Ezýet bermegiň öňüniň alynmagy komitediniň wekiliýetini kabul etdi

1570950
Adalat ministri Abdülhamit Gül Ýewropa Geňeşiniň wekiliýetini kabul etdi

Adalat ministrligindäki kabul edilşikde, Ýewropa Geňeşine degişli Ýewropanyň Ezýet bermegiň öňüniň alynmagy komitediniň wekiliýeti Hökümi ýerine ýetiriş kanunynda üýtgeşmeler girizilen 7242 belgeli kanunyň, jeza we hökümi ýerine ýetiriş guramalaryna oňyn täsir ýetirendigine şaýat bolandyklaryny habar berdiler.

Barlag maksatly amala aşyrylmaga başlanan wideo gepleşik, hasaba alyş, lukmanyň ýanyna gitmek ýaly talaplaryň elektron häsýetde ýetirilip, işgärler bilen tussaglykdaky adamyň arasyndaky gatnaşygy ortadan aýyran gollanmany hem uly hoşallyk bilen kabul edendiklerini bellän wekiliýet, bu gollanmanyň Ýewropa geňeşine agza bolan ýurtlar üçin nusga bolup biljekdigini beýan etdiler. 

Wekiliýet adalat bilen bagly hyzmatlarda durmuşa geçirilen özgertme işleriniň hem oňyn atmosfera döredendigini habar berdiler.



Degişli Habarlar