Ibrahim Kalyn: "Egeý bilen birlikde ähli meseleleriň çözüwi mümkündir" diýdi
Ibrahim Kalyn, şu gün Stambulda grek wekiliýet bilen geçirilen gepleşikler bilen bagly: "Prezidentimiziň güýçli liderliginde Egeý bilen birlikde ähli meseleleriň çözüwi mümkindir we şonuň bilen bagly erkimiz bardyr" diýip belledi
1570779

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýe bilen Gresiýanyň wekiliýetleriniň arasynda Dolmabahşe köşgüniň iş ofisinde geçirilen gepleşikler bilen bagly Twitter hasabyndan beýanat berdi.
Ibrahim Kalyn: "Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda eýýäm 4,5 ýyl bäri geçirilmeýän gepleşikler şu gün Stambulda başlady. Prezidentimiziň güýçli liderliginde Egeý bilen birlikde ähli meseleleriň çözüwi mümkindir we şonuň bilen bagly erkimiz bardyr. Sebitiň parahatçylygy we durnuklylygy ähli taraplaryň bähbidinedir" diýip nygtady.
Degişli Habarlar

Stambulda terrorçylykly hüjüm guramak islän terrorçy saklandy
Beýanatda Mehdi Myhçynyň 2014-nji ýylda terror guramasy PKK-nyň düzümine goşulandygy mälim edildi