80 Ýaşyndan Ýokardaky Raýatlaryň Sanjymyna Başlandy
Koronawirusa garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 140 boldy.
Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 25 müň 73 adama ýetdi.
24 sagadyň dowamynda 148 müň 425 adam testden geçirilip, ýene-de 684 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.
Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 277 adama ýetdi
Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 5 müň 860 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 2 million 307 müň 721 adama ýetdi.
Beýleki tarapdan Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja şu gün 80 ýaşyndan ýokardaky raýatlaryň sanjymyna başlandyklaryny habar berdi.
Twitterden sanjym kalendary barada maglumat beren Koja, 80 ýaşyndan ýokardaky raýatlaryň saglygy goraýyş merkezlerinde sanjymyna başlanandygyny nygtady.
Degişli Habarlar

Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň 7 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.