"Ýewropanyň asmanynda Baýraktar we Anka atly uçarmansyz howa ulaglarynyň uçanyna şaýat bolarys"

Mustafa Warank: "Ýewropanyň asmanynda Baýraktar we Anka atly uçarmansyz howa ulaglarynyň uçanyna şaýat bolarys" diýip belledi

1568432
"Ýewropanyň asmanynda Baýraktar we Anka atly uçarmansyz howa ulaglarynyň uçanyna şaýat bolarys"

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň soňky 5 ýylda maýa goýumlarynyň saýasynda goranyş senagaty pudagynda ägirtleriň ligasyna çykjakdygyny mälim etdi. 

Mustafa Warank, paýtagt Ankara şäherinde geçirilen "Goranyş senagatynda ýerli we milli önümçilik" temaly "III Goranyş senagaty duşuşygy" çäresine göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. 

Mustafa Warank eden çykyşynda: "Esasan hem soňky 5 ýylda amala aşyran maýa goýumlarymyz gysga wagtda ýurdymyzyň Goranyş senagaty pudagyny ägirtler ligasyna çykarjakdygyna ynanýaryn" diýip habar berdi. 

Warank: "Örän ýakynda wagtda Ýewropanyň asmanynda Türkiýeden satyn alynan Baýraktar we Anka atly uçarmansyz howa ulaglarynyň uçanyna şaýat bolarys" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar