Türkiýe, Yrakda Guralan Hüjümi Ýazgardy

Bagdadyň merkezinde şu gün guralan hüjümde 28 adam ýogalypdy, 73 adam hem ýaralanypdy.

1568339
Türkiýe, Yrakda Guralan Hüjümi Ýazgardy

 

Türkiýe, Yragyň paýtagty Bagdatda guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, paýtagt Bagdatda bazar ýeriniň golaýynda guralan hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bolmagyna gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Hyýanatçylykly hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet dileýäris. Doganlyk yragyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris” diýildi.

Beýannamada “Hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýrys. Terrora garşy göreşde dost we goňşy ýurt Yraga goldaw berýändigimizi ýene-de bir gezek nygtaýarys” diýildi.

Bagdadyň merkezinde şu gün guralan hüjümde 28 adam ýogalypdy, 73 adam hem ýaralanypdy.


Etiketkalar: #hüjüm , #Yrak , #ýazgarmak

Degişli Habarlar